Milli sungatymyzyň waspçylary

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, baý sungatymyz giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: “Türkmen medeniýeti hem umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşan medeniýetdir we şol bir wagtyň özünde bütin adamzadyň  baýlygydyr. Bu medeniýet özüniň ösüşinde uzak taryhy ýoly – adamzadyň döreýiş döwründen, tä biziň günlerimize çenli eýýamlary aşyp, heňňamlary hem-de döwürleri geçip gelýär” diýmek bilen öz Watanymyzyň sungatyny we medeniýetini öwrenmäge ruhlandyrýar.

2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň yglan eden suratkeşleriň we sungaty öwrenijileriň arasynda geçirilen bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, erkin suratkeşler we sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Suratkeşleriň arasyndaky baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Wepa Gurdow mynasyp boldy. Wepa Gurdow bu bäsleşige “Dokuz pelek zöhresi” atly triptih eseri bilen gatnaşýar. Bu eseri Magtymguly Pyragynyň “Bilmezmiň” atly goşgusyndan ylham alyp döredýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigat, tebigy hadysalar, düşünjeler bilen bagly setirler onuň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragy “Bilmezmiň” atly goşgusynda galaktikanyň bir çetinde hereket edýän Gün ulgamyny, onuň planetalaryň sanynyň näçedigini mundan birnäçe asyr öň takyklyk bilen aýdyp bilipdir. “Bilmezmiň” atly goşgusynda hem şu setirler bilen onuň şeýledigine güwä geçýär:

Magtymguly, aýydýar, dokuz pelek Zöhresi,
Ýedi ýyldyz gardaşy, Aýyň, Günüň parasy,
Nury-didäm ýagtysy, ak gözümiň garasy,
Aby-Zemzem çeşmesi, Safa, Merwe arasy,
Süleýman dek ähdimi syndyrdygym bilmezmiň?

Nakgaş Wepa Gurdow hem öz döreden eserinde bu goşgy setirleriň beýanyny ussatlyk bilen şekillendirýär. Bu bäsleşikde başga-da birnäçe baýraklar we höweslendiriji hormat hatlary bilen sylaglanan suratkeşler hem boldy.

Sungaty öwrenijileriň arasynda geçirilen bäsleşigiň baş baýragyna Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Döwletmyrat Durdyýew, I orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, II orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylym bölüminiň başlygy Bilbil Çaryýewa, III orna bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa mynasyp boldular.

Şeýle ajaýyp zamanamyzda milli şekillendiriş sungatymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Jennet Kakabaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok