Türkmen, hytaý kompaniýalary Sarahs-Mary-Serhetabat awtobanynyň gurluşygynda hyzmatdaşlyga ylalaşdylar

Aşgabatda 2024-nji ýylyň noýabr aýynda “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy bilen Hytaýyň “China-Turkmenistan Cultural Center” kompaniýasy Sarahs-Mary-Serhetabat awtobanyň taslamasyny amala aşyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gol çekilen Ähtnama ýol gurluşygyny tehniki we maliýe tarapdan goldamak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýa çözgütlerini ornaşdyrmak maksady bilen taraplaryň gatnaşyklaryny has-da berkitmegi maksat edinýär.

Sarahs-Mary-Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek we sebitiň aragatnaşygyny pugtalandyrmak bilen, Ahal we Mary welaýatlaryny baglanyşdyryjy esasy magistral bolar. Ýoluň umumy uzynlygy 450 kilometrden gowrak bolup, şol sanda 35 kilometrlik baglanyşdyryjy ýollary hem öz özüne birleşdirer.

Taslama laýyklykda, ýokary tizlikli awtomobil ýolunda dört hereket zolagy, 27,5 metr giňlik we garşylykly ugurlarda ýörite ýol aýratynlyklar göz öňünde tutulýar. Bu aýratynlyklar ulag gatnawyny üpjün etmekde oňyn täzelikler bolup durýar.

Iki kompaniýa iri gurluşyk taslamasyny maliýeleşdirmek we maýadarlary özüne çekmek bilen bagly bilelikdäki hereketleri hem ara alyp maslahatlaşdy. Bu taslama Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we logistika babatda täze mümkinçilikleri ýüze çykaryp, strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok