Häzirki zaman maşgala terbiýesi

Häzirki zaman maşgalasy üçin onuň agzalarynyň özara gatnaşyk usullary örän wajyp meseledir. Maşgalany dolandyrmagyň Awtoritar we Demokratiki usullary bar bolup geliň olaryň her haýsynyň aýratynlyklary barada durup geçeliň.

Awtoritar usulda ene-atalaryň hökmürowanlygy has uly rol oýnaýar. Beýle ýagdaýda maşgala agzalary has takygy çagalar ähli ýagdaýlara sessiz boýun bolmaly bolýarlar. Bu bolsa maşgalada agzybirligiň, ýürekdeşligiň ýoklugyna getirýär. Ulular çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna üns bermeýärler. Elbetde bu maşgalada ýetişen çagalar tertipli bolup ýetişerler emma bu ýagdaý ruhy çökgün bolup ýetişmegine getirer. Maşgala terbiýesiniň bu görnüşinde kemala gelen çagalar temmi berilmeginden gaça durup ähli zat bilen ylalaşýarlar, soňa baka bu ýagdaý çagalarda ugurtapyjylyk, özbaşdaklyk häsiýetleriniň düýbünden ýitmegine getirýär. Psihologlaryň düşündirmegine görä beýle maşgalada çagalar ýetginjek ýaşlarynda ene-atadan, maşgaladan daşlaşýarlar.

Maşgala terbiýesiniň demokratik usulynda maşgala agzalarynyň ählisiniň pikirleri, garaýyşlary maşgala kollektiwini dolandyrmakda peýdalanylýar. Maşgala agzalarynyň arasyndaky özara söýgi, hormat çyn ýürekden bolýar. Beýle maşgalada çagalar ýaşlykdan maşgalanyň işlerine kömek edip başlaýarlar. Çaganyň şahsyýetine hormat goýmak, onuň eden işlerini ýaňsylaman öwmek onuň kämilleşmegine getirýär. Maşgala terbiýesiniň demokratik usulynda çagalar maşgalada işeňňir, gulaksyjy, aňly we tertipli bolup ýetişýärler. Beýle maşgalada çagalara temmi bermek diýen düzgün ulanylmaýar. Maşgalada ulularyň at-abraýy hem uly rol oýnaýar.

Suraýa TOHTAMURADOWA,

Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok