Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaby halkymyza gymmatly sowgat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan orun alan, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilip, onuň sarpasynyň belentde saklanylmagy her birimizde uly buýsanç duýgusyny kemala getirdi. Magtymgulynyň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary, ajaýyp eserleri dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan islendik ynsanyň kalbynda seslenme döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby-da aýratyn bellärliklidir. Şunuň bilen birlikde milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň tutuş dünýä ýüzünde dabaralanmagy, kämilleşdirilmegi, Pyragynyň döredijiliginiň äleme ýaýylmagy babatda amal edilýän asylly işler barha rowaç alýar.

Şeýle-de ýakynda çapdan çykan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň eziz halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas düri bolan “Hakyda göwheri” atly täze kitaby halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýany bolmak bilen, gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde hem gymmatly çeşmedir. Ajaýyp kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji baby “Taryha syýahat” diýlip atlandyrylýar. Jemi bäş bölümden ybarat bolan bu bapda şöhratly taryhymyz bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda giňişleýin beýan edilýär.

Ikinji baby alty bölümden ybarat bolup, ol “Ruhy miras” diýlip atlandyrylýar. Bu bapda bolsa bolsa milli mirasymyzy şöhlelendirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň waspy ýetirilýär. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Milli Liderimiziň döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orny eýelemek bilen, bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüler. Çünki Alym Arkadagymyzyň döredijilik gözlegleri, ylmy-filosofik işleri we çeper eserleri ýaş nesiller üçin gymmatly hazynadyr, ähli watandaşlarymyza ýapylan belent serpaýdyr, her birimiz üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, halallyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly mekdepdir. Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem ýaş nesiller üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.

Pursatdan peýdalanyp, “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, Gahryman Arkadagymyza mundan beýläk-de galamynyň ýiti bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny, döredijilik äleminde mundan beýläk hem uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Ismail ALLAMOW,

Daşoguz şäheriniň 2-nji
çagalar sungat mekdebiniň
klarnet hünäriniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok