Türkmen milli edebiýatynyň iň belent döredijileriniň biri bolan Magtymguly Pyragy, öz döredijiliginde parahatçylyk, asudalyk we ynsanperwerlik baradaky düşünjeleri giňden we çuňňur beýan edipdir. Onuň pikiri, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda arzyly durmuş ýörelgeleriniň we idealaryň beýany bolup, onuň eserlerinde dünýäniň ähli halklary üçin umumy bolan iň ýokary ahlak we sagdyn ýörelgeler aýratyn orny eýeleýär. Magtymgulynyň döredijiliginiň merkezinde parahatçylyk, asudalyk, ynsanperwerlik we milletara dostluk ýaly temalar öz ornuny tapýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we asudalyk diňe bir dünýewi mesele däl, eýsem adamlaryň ruhy we ahlaky durmuşynyň esasy ýörelgeleridir. Onuň eserlerinde parahatçylyk, diňe bir bir halkyň arasynda däl, eýsem bütin adamzat arasynda arzyly ýagdaý hökmünde öňe sürülýär. Magtymgulynyň eserlerinde nygtalýan temalar, ýurtlaryň howpsuz we asuda şertlerinde ýaşamagy, öz halkynyň bagtyýarlygyna, yhlasly we agzybirlige tarap ündeýän şygyrlar dünýäniň derwaýys pikirlere eýe bolan gatnaşyklar hakda gürrüň berilipdir.
Magtymgulynyň eserindäki “şähri asuda” diýen düşünjesi, diňe bir fiziki taýdan asudalygy däl, eýsem jemgyýetiň ruhy asudalygy we adamkärçilik ýörelgelerine girmäge çalyşýan düşünjedir. Ol öz eserlerinde parahatçylygyň halklaryň we jemgyýetiň ösüşi üçin esasy şerti bolup durýandygyny görkezýär. Ol diňe bir ykdysady ýa-da syýasy esaslar boýunça däl, eýsem ynsanlaryň ruhy parahatçylykda uly ýeňişleriň gazanylýandygyny nygtaýar.
Magtymguly, jemgyýetiň we halklaryň arasynda parahatçylygyň emele gelmegini we onuň dowamly bolmagyny öz eserlerinde iň ýokary we arzyly maksad hökmünde görkezýär.
Magtymgulynyň döredijiliginde parahatçylyk we asudalyk barada aýdylan sözler, halkyň ruhy ýagdaýynyň we medeniýetiniň kämilleşmegine gönükdirilendir. Onuň iň möhüm temalarynyň biri, adamlaryň öz aralaryndaky hoşniýetli gatnaşyklaryny, hilekärlikden, şowsuzlykdan, ýigrençden we ganhorlukdan arassalamakdyr. Magtymgulyň pikirine görä, diňe bir dilde, pikirde we hereketde parahatçylyk we asudalyk bilen ýaşaýan adam, jemgyýetde howpsuz we ýaşaýyş üçin mümkinçiligi bolan adam bolar. Onuň döredijiligi, bu günki günde-de halkymyz üçin, şol bir parahatçylykly we asuda dünýäni gurmaga çagyrýar.
Şamuhammet Elýasow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler