Peýdaly ösümliker tebigatyň eçilen derman hazynasy

Ýer ýüzünde bar bolan ösümlikleriň  arasynda hiç hili peýdasy bolmadyk ösümlik ýokdyr. Hatda zäherli, zyýanly diýen ösümliklerimizden hem derman taýýarlanylýar. Şolaryň arasyndan hem efir ýagyna baý hem-de lukmançylykda peýdaly bolan ösümlikler hem az däldir.

Käkilik otynyň peýdasy. 
Käkilik oty efir ýagyna baý örän  peýdaly ösümlikdir. Ony grek halkynyň atly tebibi Dioskarid  näsag adamlara dürli iýmitlere  goşup  iýmegi maslahat beripdir. Lukman hekim käkilik otynyň we ondan taýýarlanylýan  suwuklyklaryň kömegi bilen aşgazan we içege kesellerini bejeripdir. Onuň guradylan ýapraklary we gülleri nahara atylanda oňa oňat tagam hem-de ýakymly ys berýär.

Umuman bu ösüligiň ýabanydygyna garamazdan zyýanly tarapy ýokdyr. Lukmançylykda ony inçekeseli, öýken sowuklamasyny, aşgazandaky we içegedäki ýaralary, böwrek kesellerini  bejermekde  ulanylýar. Käkilik oty  parfýumeriýa önümçiliginde  diş ýuwulýan serişdelere, dürli atyrlara, sabynlara goşulýar. Käkilk oty boýy  10-50sm  aralygynda bolan köpýyllyk ösümlikdir.  Ol dodak  güllüler maşgalasyna  degişli. Onuň baldaklarynda, ýapragynda  örän ýakymly ys bolýar. Baldagy agaçlaşan  köp şahalydyr. Ýapragy uzynakdyr. Güli gülgüne, ak ýa-da mawy reňkde bolýar. Iýun-iýulda gülleýär, iýul-awgustda bolsa miweleýär. Käkilik oty özünde 1,2% efir ýagyny saklaýar. 

Bidenek Clary sage (Salvia sclarea) – ol hem tebigatyň bize eçilen hazynasydyr. Ýagny ol esasanam özünde 70% efir ýagyny saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Ondan efir ýagyny heniz miwesi düwmänke gülünden alynýar, ýene-de bir gowy tarapy ony medenileşdirmek aňsatdyr. Ol gurakçylyga çydamlydyr. Dodak güllüler maşgalasyna degişlidir. Baldagy dik ösýär gyzylymtyl-mawy reňkli bolýar. Miwesi goňur reňkli gozajykdyr. Biziň ýurdumyzda 16 görnüşi  ösýär. Olaryň arasynda muskat bidenegi has peýdalydyr. Azyk senagatda hem giňden ulanylýar. Ondan alynýan efir ýagynyň ysy örän ýakymlydyr. Iýmit önümlerini taýýarlamak we ýakymly ys bermek üçin goşulýar.

Boýbodran – biziň güneşli ýurdymyzyň  çäklerinde  Köpetdagyň merkezi böleginde, Haýrabatda  we Gökderede köp duş gelýär. Onuň ýaşajyk  baldaklarynda  efir ýagy C, K, A witaminleri saklanýar. Halk lukmançylygynda  boýbodranyň  oty ýarany  bitiriji, gan duruzyjy, aşgazan-içege  kesellerini bejeriji serişde hökmünde  peýdalanylýar. Ylmy lukmançylykda boýbodrandan alynýan ergin we otunyň ekstrakty  aşgazanda döreýän başlary, içegede, aşgazanda  döreýän agyryny aýyrmakda, işdä açyjy  serişde hökmünde peýdalanylýar.  Boýbodran astralar maşgalasyna degişli boýy 20-45 sm bolan köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Biziň  her  birimiz  ösümlikleri aýawly  peýdalanmaga çemeleşmelidiris!

Kuwwatgeldi GURBANOW
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok