Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýar, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesi üpjün edilýär. Mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň öňdebaryjy usullary we tejribeleri sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda ornaşdyrylýar. Bu ugurda halkara derejesindäki ylmy maslahatlar, duşuşyklar hem yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu foruma ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi babatda möhüm işleri alyp barýan bilermenler, professor-mugallymlar, hünärmenler, talyp ýaşlar gatnaşyp, onuň çäginde bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini açyp görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Halkara maslahatda daşary ýurt dillerini okatmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, döwrebap usullary ulanmak esasynda bilim bermegiň meselelerine seredilip, ol hem beýleki döwletler bilen ýurdumyzyň daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleriniň arasyndaky ylmy dialogy giňeltmäge mümkinçilik döretdi.

Forum öz işini «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde ýetilen sepgitler», «Dilleri okatmagyň lingwodidaktik esaslary», «Dilleri öwretmegiň döwrebap usullary we tehnologiýalary», «Daşary ýurt dillerini okatmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň çäklerinde dilleri okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri» atly bölümçelerde dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda halkara guramalar, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde bilim ulgamynda ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdeplerimizde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň döredilmegi, orta mekdeplerimiziň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi aýdylanlary aýdyňlygy bilen subut edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok