Bize diňe täsinlikler diýsek, gury ýerdäki täsinlikler göz öňümize gelýär. Emma biziň suw gurşawymyzdaky täsinlikler hem gury ýer bölegimizdäkiden kän bolsa kändir az diýip bilmeýäris! Geliň deňiz täsinlikleri bilen tanyşalyň! Uçýan balyk barmy? Mawy yşyk saçýan deňziň syry näme? Elebet-de bu täsinlikler hyýaly dünýäde janlanýan ýaly emma, hakykatdan hem bu täsinlikler bardyr.
Mawy deňiz syry
Deňiziň üsti göräýmege gök çyralar bilen düşäp goýan ýaly ýalpyldaýar. Bu deňiziň syry näme bolup biler. Ol ajaýyp ýalpylda bir öýjükli jandar bolan “nactikula mirabilis” atly jandaryň kiçijik bedeni jogapkär. Ol jandar bir öýjükli haýwanat dünýäsiniň esasy wekilidir. Olara başgaça gije ýagtylandyryjylar hem diýilýär. Bu täsin jandar ýyly suwly deňizlerde ýaşaýarlar. Olar esasan hem Gara deňizde has köp düş gelýär. Adaty ýagdaýda bedeni dury bolýar, ýagny reňksizdir. Gaharlananda biolýumussensiýa hadysasy ýüze çykýar.
Biolýumussensiýa hadysasy sintilion diýip atlandyrylýan müňlerçe sferik organellalarynda luisfereza reaksiýasy sebäpli sitoplazmanyň hemme ýerinde ýüze çykýar. Biolýumussensiýa hadysasy netijesinde gije ýagtylandyryjylar bedeninden gök reňkli öwüşgin daş-töwerege ýaýraýar. Gijesine bu jandarlar deňiziň kenaryna köp gelýärler. Şol wagt deňiz ýalpyldap başlaýar. Tebigatyň bu täsin gözelligi adamlary haýrana galdyrýar.
Uçýan balyk
Uçýan balyga Atlantik we Ýuwaş ummanda hem-de meksika aýlagynyň kenarynda duş gelmek bolar. Ol balyk edil guş ýaly uçup bilmese hem daşyndan göräýmäge uçýan ýaly. Ol nädip beýle görnüp biler? Olar suwuň üstünde 30km/ sag tizlik bilen hereket edýär. Bu balyklar yzly-yzyna uçmak arkaly 12 km aralygy geçip bilýärler. Olaryň garyn ýüzgüçleri görnüşüni özgerdip, ganat pisint ýüzgüçlere öwrülipdir. Olar suwuň ýüzüne haçanda howp abananda çykýar. Ýagny olar duşmanlaryndan suwuň ýüzünde böküp täsin ýüzgüçlerini peýdalanyp uzak aralyga ýüzmek arkaly gaçýarlar. Bu balyklaryň uçmak hadysasy ýaşaýyş ugrundaky göreşde ýüze çykypdyr. Adatça suwuň ýüzünde hem köp görüp bolmaýar. Sebäbi daşda hem dürli ýyrtyjy guşlar tarapyndan howp abanýar. Bu balyklaryň ýene-de bir täsin tarapy olar şöhle görseler şoňa tarap böküp başlaýarlar. Şol sebäpden ownuk ýagtylanýan gaýyklara bökmegi netijesinde olary awlamak aňsat bolýar. Ýöne bu balyklaryň dünýäde bary-ýogy 25 görnüşi bar. Olardan on dokuzy Atlantik ummanda galan bäşisi Ýuwaş ummanda duş gelýär. Uçýan balyk bäş ýyl ömür sürýär.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler