Çaga terbiýesinde goýberilýän säwlikler

Basmarlamak – Ata-eneler her bir dörän ýagdaýa gaharlanyp, çaganyň sowallaryna gödek jogap berip, onuň her bir ýalňyşlygyna temmi bermäge çalyşýarlar. Munuň netijesinde çagalar ene-atalaryndan mümkingadar uzakda bolmaga çalyşýarlar, ýalançylygy we gorkaklygy endik edinýärler. Terbiýäniň bu görnüşi diňe rehimsiz ene-atalarda bolup bilýär.

Aralyk saklamak – Käbir ene-atalaryň ynanjyna görä çagalary özlerinden daşrakda saklamak, olar bilen azrak gürrüňdeşlik etmek, olara wagtal-wagtal ýolbaşçy bolup görünmek çagalary terbiýelär diýen düşünje bar. Ýöne bu düýbünden beýle däl. Çagalaryň ene-atalarynyň durmuşynda bolýan zatlary bilmegi terbiýä oňyn täsir edýär.

Gopbamlyk – Käbir ata-eneler özlerini aňrybaş möhüm adam hasaplap bu häsiýeti bilen her bir ädimde duş gelen adama şol bir wagtyň özünde öz çagasyna hem zyýan ýetirýärler. Olar üznüksiz öz mertebesini mahabatlandyryp, beýleki adamlara pes göz bilen seredýärler. Bu hereketleri görüp ulalan çaga hem gaýtalamaga çalyşýar.

Akyl öwretmek – Bu ýagdaýda ata-eneler öz çagalaryna her ädimde akyl öwredip muny özleriçe dogry hasaplaýarlar. Şeýle maşgalada çagalaryň ýüzünde şatlyk az bolýar. Ene-atalar çagalaryna aladaçyl bolup görünmäge çalyşsalarda çagalar öz akymyna durmuş bilen ulalýarlar.

Söýgi terbiýesi – Bu terbiýäniň ýalan görnüşi bolup ol has köp ýaýrandyr. Hoşamaý sözler, çagalary yzygiderli öwgüli sözler bilen öwmek çaganyň köpbilmiş bolup ýetişmegine getirýär. Çaga ýaşlykdan ulularyň duýgulary bilen oýnap başlaýar. Aglap aýdanyny etdirmäge çalyşýar, garşysyndakylaryň söýgüsini öz bähbidine ulanmagy öwrenýär.

Rehimdarlyk – Bu ýagdaýda ata-eneler çagalarynyň öňünde özlerini “Rehimdar perişde” edip görkezýärler. Çagalar üçin hiç zadyny gaýgyrmaýarlar. Beýle maşgalada çagalar tiz wagtda ýetişip öz diýenini gögerdip başlaýarlar. Çaganyň hemme islegleri kanagatlandyrylýar.

Dostluk – Çagalar bilen ene-atalaryň arasyndaky dostluk belli bir çäkde saklanmasa çagalar ene-atalarynyň üstünden gülüp başlaýarlar. Olardan ähli hereketlerinden kemçilik tapyp başlaýarlar. Ulular bilen çagalaryň dostlugy ters mazmunynda ýaşap başlaýar.

Sylaglamak – Bu ýagdaýda ene-atalar çagalara sowgat alyp berip, olara söz berip olary gazanç meýillerine ugrukdyrýarlar. Ähli ýalňyşlyklaryny gizläp çagalar ýalançylyga ýüz urýarlar.

Gülnara HUDAÝKULYÝEWA,

Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok