7–8-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Arkadag, Aşgabat şäherlerinden gelen 200-den gowrak ýaş zehin gatnaşdy.
Bäsleşik dört esasy ugur boýunça geçirildi: Sumo robot, Labirint, Line follower robot we Toparlaýyn taslama. Şeýle hem, robot tehnikasy we programmirleme boýunça bilim edaralarynyň sergisi ýaşlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. ANYmaIX robotynyň başda edilen tanyşdyrylyşy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň açylyş dabarasynda Bilim ministrliginiň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Petronas Çarigali Türkmenistan kompaniýasynyň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmelerine, ýaşlar üçin döredilen mümkinçiliklere aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem olar, çärä gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çäräniň medeni bölegi hem baýramçylyk görnüşinde geçdi. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen Milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň aýdym-saz çykyşlary baýramçylyk ruhuny döretdi.
Bäsleşigiň ähli bölekleri uly ekranda göni ýaýlymda görkezildi, bu bolsa gatnaşyjylaryň netijelerini ýerinde synlamaga we baha bermäge mümkinçilik döretdi. Ýeňijilere Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de ähli gatnaşyjylar uniwersitet tarapyndan şahadatnamalar bilen sylaglanyldy.
Bäsleşige ýurdumyzyň çetki sebitlerinden mekdep okuwçylarynyň köp gatnaşmagy Türkmenistanda robot tehnologiýasyna bolan gyzyklanmanyň ähli ýerlerde ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.
Bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi ýaşlara döwrebap tehnologiýalar bilen işlemek üçin täze mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär we olaryň geljekki ösüşlerine itergi berýär.
Teswirler