Häzirki ösen tehnologiýalar döwründe kitap okamak örän zerur bolup durýar. Alymlaryň geçiren barlaglary hem munuň dogrudygyny tassyklap geçýär. Kitap okamak bilen adam söz baýlygyny giňeldýär, täze maglumatlary özleşdirýär we ýazuw endiklerini ösdürýär. Şeýle hem kitap okamak filim görmekden has netijelidir, sebäbi ol has köp üns we içki gatnaşygyny talap edýär. Fantaziýa stilde okamak bolsa, maglumatlary aňda janlandyrmaga, tiz öwrenmäge we uzak wagtlap ýatda saklamaga kömek edýär.
Adaty kitapmy ýa-da elektron kitap?
Adaty kitaplaryň peýdasy bilen elektron kitaplaryň artykmaçlyklary alymlaryň arasynda köpden bäri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bar bolan barlaglar adaty kitap okamagyň has peýdalydygyny görkezýär. 2014-nji ýylda italýan alymlarynyň geçiren barlaglarynda, kagyz kitaplarda okamagyň adam üçin has ýeňil bolýandygy anyklanyldy. Sebäbi elektron kitaplar gözleri has köp ýadatýar we köp üns talap edýär. Elektron enjamlardan gelýän şöhleler göz damarlaryny dartgynly ýagdaýda saklap, görüşiň peselmegine getirýär.
Adaty kitaplaryň ekologik taýdan hem amatlydygyny barlaglar görkezýär. Meselem, “Amazon” kompaniýasynyň geçiren gözleglerine görä, bir elektron kitaby öndürmek üçin atmosfera 168 kg kömürturşy gazy bölünýär. Adaty kitap üçin bolsa bu görkeziji bary-ýogy 7,4 kg. Şonuň üçin bir elektron kitabyň zyňýan gazlary, 23 sany adaty kitabyňky bilen deňdir.
Elektron enjamlar diňe bir ekologiýa däl, saglyga hem ýaramaz täsir edýär. Olar bedeniň melatonin gormonyny öndürmegini azaldyp, ukynyň hilini bozýar. Kitap okamak bolsa tersine, rahatlanmaga, stressden halas bolmaga we ukynyň hilini gowulandyrmaga ýardam berýär.
Kitap okamagyň adam aňyna täsiri
Kitap okamanyň diňe bilim bilen çäklenmän, aňy ösdürmäge we durmuş tejribesini baýlaşdyrmaga kömek edýändigi hakykatdyr. Köp kitap okamaly we ony durmuş endigine öwürmeli. Kitap okamak aňy türgenleşdirýär we adamda täze başarnyklary ýüze çykarýar. Mundan başga-da, kitaplar dürli medeniýetleri, durmuş tejribelerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar.
Kitap giň umman ýalydyr. Adamzada diňe şol ummanyň akymyna goşulyp, ondan peýdalanmagy başarmak ýeterlikdir. Şonuň üçin hem adaty kitaplary okamak endigini dowam etdirmek we täze tehnologiýalary ýerlikli peýdalanmak biziň esasy maksadymyz bolmalydyr.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler