Aşgabat şäherinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan aýdym-sazly çykyş geçirilýär

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda, sagat 16:00-da Aşgabat şäherinde S. Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän döwlet mekdep-internatynda  Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, uly medeni çäre guralar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller Dünýäsi» dil merkezi, “Ýaş Telekeçiler” merkezi we S. Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän döwlet mekdep-internaty bilen bilelikde geçiriljek bu aýdym-sazly çärä “Täze Älem” kitap dükany hemaýatkärlik eder.

Çärä internatyň mekdep okuwçylary, «Diller Dünýäsi» dil merkeziniň diňleýjileri we mugallymlar gatnaşarlar. Şeýle-de, ýurdumyzyň birnäçe meşhur aýdymçylary we sazandalary çykyş eder. Olar:

  • Şad Öwez,
  • Aysuluw Gurdowa,
  • Gözel Orazmyradowa,
  • Merdan Jumadurdyýew,
  • Gara (Emir Ayas) ady bilen tanalýan sungat ussatlarydyr.

Bu medeni çäreni alypbaryjylar hökmünde Myradow Kadyr we Gezegen ady bilen tanalýan meşhur alypbaryjylar alyp bararlar.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek bu aýdym-sazly çäre Aşgabadyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, dürli ýaşdaky tomaşaçylary kabul eder. Medeni çärä gatnaşmak isleýänler üçin bu üstünlikli pursatdygyny bellemek gerek.

Bu medeni çäre Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýetini bellemek we ýaş nesle watançylyk ruhuny ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

Bitaraplyk güni agzybirlik we parahatçylyk nyşany hökmünde dabaralandyrylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok