Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna barýar. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bu şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat we ähli welaýatdyr, etraplarymyz toý lybasyna beslendi.
Tutuş dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz Türkmenistandyr! Kalplardan uly buýsanç bilen çykýan bu nurana sözler mähriban halkymyzyň diliniň senasy, ýürek owazydyr. Bu günki gün gözel paýtagtymyz, ak şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkezdir. Oňyn Bitaraplyk – döwletimiziň daşary syýasatynyň baş ýörelgesidir. Amatly geografik ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz Ýewropa bilen Aziýanyň strategik ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, bu iki yklymyň arasyndaky özboluşly köprä öwrüldi. Türkmen bitaraplygynyň nusgasy merdana halkymyzyň milli häsiýetine, asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlaryna daýanýar.
Türkmenistan döwletimiz beýleki dünýä ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryny şol halklaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna, taryhyna sarpa goýmak esasynda gurýar. Munuň özi bolsa dostlukly halkara gatnaşyklary ösdürmegiň örän möhüm serişdesi bolup çykyş edýär. Ýadyňyzda bolsa, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň teklibi esasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şol günden bäri hem her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan uly dabara, uly joşgun bilen bellenip geçilýär.
Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy barha pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biri bolup, bu asylly çäreler Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan netijeli esasda alnyp barylýar. Çünki baky Bitaraplygymyz – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerlige wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, ähli halklary özara ynanyşmaga, dostana gatnaşyklary ýola goýmaga ruhlandyrýar.
Pursatdan peýdalanyp, 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş halkymyzy mähirli gutlaýarys. Goý, tutuş dünýä ýüzünde parahatçylyk, dostluk, abadançylyk arkaly ösüş hemişe dabaralansyn!
Sähra MERETDURDYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat
mekdebiniň skripka hünäriniň mugallymy.
Teswirler