Döwrümiz döwürlerden zyýada!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň goýnunda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şöhratly geçmişine buýsanyp ýaşaýan we nurana geljegiň binýadyny şu günden goýýan türkmen halkymyzyň jebisligi berkeýär, abadan ýaşaýşy barha ýokarlanýar, günler bir-birinden zyýada gelýär. Watanymyzy has-da gülledip ösdürmäge gönükdirilen wezipeler kesgitlenilýär, ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda häzirki üstünliklerimiziň we geljekki sepgitlerimiziň sarsmaz binýady pugtalanýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň ilkinji nobatdaky wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ägirt uly geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaga gönükdirilen hemmetaraplaýyn özgertmeler ugry giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýar. Halkymyzyň halal, yhlasly, tutanýerli zähmeti esasynda ata Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykýar. Giň gerimli özgertmeler strategiýasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen döwrebap kärhanalary döretmäge gönükdirilendir. Ýangyç-energetika, oba hojalyk, gurluşyk-senagat pudaklaryny, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümlerini giň gerimde ösdürmek bilen bir hatarda, ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde giňden ykrar edilýän ylym-bilim ulgamyna hem uly möçberde maýa goýulýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny subut edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, Oba milli maksatnamasynyň, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp.

Ykdysady ösüş ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup, ykdysady üstünliklerimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ylmy-tehnologik ösüşler, ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagy, ykdysady özgertmeleriň işjeň depgini we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagy döwletimiziň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklarynyň hataryndadyr. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralaryny gurmak, ylmyň, innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmek maksadalaýyk ugur hökmünde kesgitlenildi. Dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalaryny açmaklyk ýaşlar üçin iňňän uly ähmiýetli ýagdaýdyr. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde durýan meselelere uly orun berlip, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň sanynyň artdyrylmagy, pedagogik işgärleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulynyň döredilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şeýle-de ýaş nesli milli gymmatlyklara, däp-dessurlarymyza uly buýsanç ruhunda terbiýelemekde meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli medeniýetimizi, türkmen edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmek boýunça degişli işleriň alyp barylmagy guwandyryjydyr.

Güljemal HOJAÝEWA,

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok