Täze ýyl baýramy – türkmen halkynyň durmuşynda iň arzyly we şatlykly günleriň biridir. Bu baýramyň her bir pursadynda täze başlanýan ömrüň, täze maksatlaryň we ýakymly arzuwlaryň joşguny duýulýar. Türkmen halky öz asylly däp-dessurlaryna eýerip, Täze ýyly agzybirlikde, milli ýörelgeler bilen garşylaýar. Täze ýyl diňe bir döwletiň ösüşleriniň, halkyň ruhy beýgelşiniň beýany bolman, eýsem, her bir täzelenýän ýyl adam ömrüniň dowamlylygynyň alamaty bolup, kalplara şugla salýar. Diýarymyzyň baýramlara baý taryhynda Täze ýyl baýramçylygynyň öz orny bar. Adamlar birnäçe günläp nähilidir bir gowluga garaşmak duýgusy bilen ýaşaýarlar. Şäherler köçelerdäki arçalar edil jadyly köşkler ýaly lowurdaýar. Adamlar birek-birege “Täze ýylyňyz gutly bolsun, bagt getirsin!” diýip, ýagşy dilegler edýär.
Baýramçylygyň öňüsyrasy her bir öýde giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmen gelin-gyzlary saçaklary baýramçylyk tagamlary bilen bezeýärler. Türkmen milli palawy, dürli işdäaçarlar, gök çaý we dürli süýjülikler saçagyň aýratyn lezzetli bölegine öwrülýär. Baýramçylyk bezegleri bilen bezelen arçalar, baýramçylyk şowhunynyň aýratyn bir nyşanyna öwrülýär.
Türkmen halky Täze ýyl gijesine aýratyn ähmiýet berýär. Sebäbi bu gijäniň her bir pursady täze bir öwrüm, täze niýetleriň we maksatlaryň goýulýan pursady bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, Täze ýylyň ilkinji gijesi adamlar ýyl boýunça eden işlerini ýatlaýarlar. Nämäni başaryp bilendiklerini we nämede has hem kämilleşmelidiklerini pikirlenýärler.
Baýramçylyga aýratyn görk goşýan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, özüniň ajaýyplygy bilen görenleri haýrana goýýan Arkadag şäherinde we sebit merkezlerimizde baýramçylyk şowhunlary aýratyn dabara bilen geçirilýär. Aşgabat şäheriniň baş meýdançasynda oturdylan baş arça, köçeleriň boýlaryndaky dürli reňkli çyralar we bezegler şäheriňbaýramçylyk şowhunyna şowhun goşýar. Feýerwerkleriň, baýramçylyk aýdymlarynyň şowhunly sesi bolsa hemmäni şatlandyrýar. Çagalar üçin ýörite taýýarlanylan çäreler, olaryň Täze ýyl gijesinde Aýazbaba we Garpamyk ýaly gahrymanlar bilen duşuşmagy, olaryň ýüreklerini baýramçylyk duýgusy bilen doldurýar. Täze ýyl diňe bir şatlykly pursatlardan ybarat däldir. Ol özüniň çuňňur manysy bilen adamlary dostluga, agzybirlige we asudalyga çagyrýar. Türkmen halky bu baýramçylygy hemişe ösüşleriň we özgerişleriňbaýramy hökmünde belläp gelýär. Täze ýylyň gelmegi bilen, türkmen jemgyýeti her bir işe uly güýç, kuwwat bilen girişýär. Bu bolsa bu ajaýyp baýramyň biziň durmuşymyza goşýan ruhy güýjüni görkezýär.
Türkmen halkynyň baý milli mirasy Täze ýyl baýramçylygynyň dowamynda hem öz mynasyp ornuny tapýar. Däp boýunça maşgala agzalarynyň hemmesi Täze ýyl gijesinde bir saçagyň başynda jemlenýär. Bu, biziň agzybirligimiziň hem-de watansöýüjiligimiziň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygy aýratyn ruhubelentlik bilen geçirilýär. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy we ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Geljek ýyly bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip atlandyrylmagy diňe bir parahatçylygyň gymmatyny ýatlatman, eýsem, ynsanperwer gatnaşyklaryň hem berkarar edilmegini göz öňünde tutmaga ýol açýar. Ata-babalarmyzyň aýdyşy ýaly “Agzybirlik – döwletiň hazynasy, milletiň baş ýörelgesidir”, “Parahatçylyk, asudalyk bar ýerinde gülläp ösüş hem bardyr”.
Täze ýyl baýramy milli maksatlara ýetmegiň, bagtyýarlygyň we täze sepgitlere ýetmegiň başlangyjyny alamatlandyrýar. Döwletimiziň ähli künjeklerinde, bilim we medeniýet merkezlerinde geçirilýän Täze ýyl dabaralary ýaş nesilleriň watansöýüji, agzybir adamlar bolup ýetişmeginiň binýadyny berkidýär. Bu baýramçylyk biziň durmuşymyzda täze bir sahypanyaçýar, täze maksatlara ýetmäge mümkinçilik döredýär. Bu ýyl biz nähili maksatlara ýetmeli we biz bu maksada ýetmek üçin nämeden başlamaly? Ine, şu soraglar Täze ýyl baýramynyň çuňňur manysyny açyp görkezýär. Türkmen halky üçin täze ýylyň hakyky syry – ösüşiň we agzybirligiň özboluşly beýanydyr.
Täze ýylymyz şatlykly, agzybirlikli, parahatçylykly bolsun! Goý, Täze ýyl ýurdumyzyň ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýarlygyna we her birimiziň kämilleşmegimize täze mümkinçilikleri getirsin!
Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky TDU-niň
Geografiýa fakultetiniň ekologiýa
hünäriniň III ýyl talyby.
Teswirler