Ilki bilen, “ekzotik miwäniň” nämedigini kesgitläliň? Adatça, adamlar şol sebitde ösdürilip ýetişdirilmese ýa-da tapylmasa “ekzotik” diýýärler. Şeýle-de bolsa, ekzotik hasaplanýan zat sebit we medeniýet boýunça üýtgäp biler. Mysal üçin, bir ýurtda ekzotik hasaplanýan miweler başga bir ýurtda gündelik iýmit bolup biler. Mysal üçin, banan Merkezi Aziýa ýurtlarynda henizem ekzotik miwe hasaplanýar, ýöne ol eýýäm ýygy-ýygydan we giňden ulanylýan miweleriň biri boldy. Şeýle miweleriň birnäçe görnüşleri bilen tanşalyň!
Durian – Aziýa ýurtlarynda bu miwe gysgaça atlandyrylýar: “Daşy elhenç, içi jennet”. Emma hytaýlylar muny gowy görýärler – her ýyl durian import etmek üçin milliardlarça dollar sarp edýärler. Bu miwäniň watany Günorta-Gündogar Aziýa.
Rambutan – bu miwäniň daşky görnüşi gyzyl we süýji, içi bolsa akja şireler bilen örtülendir. Rambutan ady Malaý-Indoneziýa sözünden gelip çykyp, “rambut” ýa-da “saç” diýmekligi aňladýar. Sebäbi miwäniň daşky gabygy köp sanly saça meňzeş çykyntgylar bilen örtülendir. Örän ýakymly ysly miwe hasaplanýar. Olaryň köpüsi süýji emma üzüm bilen deňeşdirilende turşy kakýar. Rambutan miweleriniň düzüminde C, B1 we B2 witaminleri, kalsiý, fosfor, magniý we demir saklaýar.
Mangostin – süýji, şireli we ysly tagamy sebäpli köplenç “Miweleriň şa gyzy” diýilip tanalýar. Bu miwe adaty däl, sebäbi daşynda gaty gyrmyzy we içinde süýji, üýtgeşik ak gatlagy bar. Mangostin antioksidantlara baý, rak we beýleki kesellerden goraýar. Miwe kaliý we C witaminiň oňat çeşmesidir we adaty lukmançylykda içgeçme, deri ýokançlyklary, ýaralar ýaly dürli keselleri bejermek üçin asyrlar boýy ulanylýar.
Aki – bu Ýamaýkanyň milli miwesi we Ýamaýkanyň aşhanasynda meşhur önümdir. Bu miwäniň açyk gyzyl görnüşi we gara tohumly ak reňkli içki gatlagy bar. Miwe armyt görnüşli bolup, gipoglisin A atly zäherli birleşmäni öz içine alýar, bişmedik wagty iýilse gusma, tutgaý we hatda ölüme sebäp bolup biler.
Pitaýa – Aždarha miwesi diýlip hem atlandyrylýan, açyk gülgüne görnüşi we gara tohumlar bilen doldurylan ak ýa-da gülgüne içi sebäpli geň hasaplanýan miwe görnüşidir. Işdäaçarlarda köplenç ulanylýar. Pitaýa käwagt “armyt” diýilýär. Pitaýa miwesi Meksikada, Merkezi Amerikada we Demirgazyk Amerikada duş gelýär.
Jekfrut – Daşyndan tikenli banan, ananas we mangonyň birleşmesine meňzeş sary ýa-da mämişi reňk bar. Köplenç etlek gurluşy sebäpli etiň ornuny tutýar. Jekfrut Bangladeşiň milli miwesidir. Jekfrut agaçlarda ösýän, uzynlygy 35 sm we 60 kilograma ýetýän iň uly miwedir! “Köp miweli” ýagny bir miwäni emele getirmek üçin birleşýän birnäçe güllerden durýar.
Salak – ýylan miwesi hökmünde hem bellidir. Sebäbi miwäniň daşy goňur ýylanyň derisine meňzeş, içinden süýji we ajy ak, limon şiresi bilen garylan ananas ýaly tagamy bolan miwesi sebäpli geň hasaplanýar. Salak palma agajynda ösýän we ýylana meňzeş deri bilen meşhurdyr. Miwe armyt görnüşli, palmanyň düýbündäki böleklerde ösýär we miwesi almanyňky ýalydyr. Salak antioksidantlara örän baý, C we A witaminlerini, kaliý, demir elementlerini hem saklaýar. Peýdaly häsiýetleri ýokary balanlygy sebäpli, köplenç içgeçme, gyzzyrma we ýokary gan basyşy ýaly dürli keselleri bejermek üçin adaty lukmançylykda ulanylýar.
Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler