Dizaýn ulgamynyň ösüşi: sanly gurallar we ýaş dizaýnerleriň geljegi

Sanly ulgam we telekeçilik bilen meşgullanýan bilermen Merdan Ataýew “Sanly Gözýetim” gepleşiginde çykyş etdi. Ol ýaş dizaýnerleriň iň köp ulanýan gurallary bolan Adobe IllustratorPhotoshopCanva we Figma programmalarynyň mümkinçilikleri hem-de olaryň döredijilik işine edýän täsirleri barada giňişleýin düşündirdi.

Ataýewiň bellemegine görä, sanly gurallar diňe bir döredijilik taýdan däl, eýsem, işiň netijeliligini ýokarlandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu programmalaryň kömegi bilen dizaýnerler öz işleriniň hilini ýokarlandyryp, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply bolýarlar.

Dizaýn ulgamynyň ösmegi üçin döwlet çäreleri

Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýurduň dizaýn ulgamyny ösdürmek maksady bilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär. Şol çäreleriň hatarynda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny görkezmek üçin guralan festiwallar, konferensiýalar we sergiler bar.

  • “Mahabat üstünligiň açary” festiwaly hem şeýle çäreleriň biridir. Bu festiwalyň guramaçylary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölümi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasydyr. Halkara ylmy tehnologiýalar parkynda geçirilen bu bäsleşikde grafiki dizaýn, animasiýa we beýleki ugurlar boýunça zehinli ýaşlar öz ukyp başarnyklary bilen çykyş etdi. Şeýle-de okaň .
  • “Agrosenagat dizaýn” bäsleşiginiň jemleri jemlendi
    Hasyl toýy mynasybetli geçirilen bu çärede Türkmenistandan daşary ýurtlara eksport edilýän pomidor gutylarynyň etiketkasynyň dizaýn bäsleşigi geçirildi. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaş dizaýnerler öz işlerini hödürlediler. Bäsleşikde innowasiýalara we täze pikirleriň önümçilige nähili täsir edýändigine aýratyn üns berildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guramagynda geçirildi. Hemaýatkär “Ýigit” hojalyk jemgyýeti. Çäre barada giňişleýin okamak üçin.
  • Aşgabatda ýaş dizaýnerleriň duşuşygy
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde ýaş dizaýnerleriň duşuşygy geçirildi. Bu çäre ýaşlara özara pikir alyşmaga, täzelikleri paýlaşmaga we täze hyzmatdaşlyklar döretmäge mümkinçilik berdi. Duşuşykda täze sanly gurallar we olaryň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkeziniň hem-de “Täze älem” kitap dükanynyň bilelikde guramagynda bolup geçdi. Çäre barada giňişleýin okamak üçin.

Her hepde Aşgabat teleýaýlymynda Merdan Ataýewiň alypbaryjylygynda “Sanly gözýetim” gepleşigi geçirilýär. Gepleşikde sanly ykdysadyýetiň, sanly dünýäniň mümkinçilikleriniň ösüşi barada gürrüň edilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok