Türkmen wekiliýeti «Kids Expo 2024» halkara sergisine gatnaşdy

Golaýda, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Çagalar — biziň iň uly baýlygymyz» şygary astynda geçirilen «Kids Expo 2024» halkara sergisine gatnaşdy. Bu serginiň dürli öwüşginli ekspozisiýalary dünýä ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi.

Täsin we özüne çekiji bölümlerden ybarat bolan sergide çagalaryň doglan wagtyndan, tä olar 13 ýaşaýança gerek bolan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dynç alyş ulgamlaryndaky önümlerdir hyzmatlaryň iň täze gazananlary öz beýanyny tapdy. Hususan-da, bilim tehnologiýalary, logopedik we saglyk hyzmatlary bilen bagly diwarlyklar gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary «A+Programm» maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenen innowasion okuw usullary bilen hem tanyşdylar. Bu maksatnamanyň döwrebap bilim ulgamynyň iň täze gazananlarynyň biridigini aýratyn nygtamak gerek. Wirtual hakykat, emeli aň we uzak aralykdan okuw usullary maksatnamanyň esasy aýratynlygy hökmünde orta çykýar.

Sergi Katarda ilkinji gezek geçirildi. Türkmenistanda bolsa bu özboluşly gözden geçirilişi geçirmekde eýýäm tejribe toplandy. Şunda şu ýylyň awgustynda Aşgabatda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň üstünlikli geçirilendigi bellemek möhümdir.

Ýeri gelende belläp geçsek, paýtagtymyzda dört günläp dowam eden forumda ýaşaýjylar we myhmanlar tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Olary diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi däl-de, eýsem, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi hem özüne çekdi.

Dohada geçirilen «Kids Expo 2024» halkara sergisi bolsa «AI Sharq Group» kompaniýasy tarapyndan guralyp, ol 7 müň inedördül meýdanda ýaýbaňlandyryldy. Sergide dürli görnüşli önümleriň 5 müňden gowragy görkezildi.

Güljemile ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok