2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda türkmen multiplikasiýasynyň esaslandyrmagynda uly goşandyny goşan Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy sergisi açyldy.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň döreden nakgaşlyk we grafika eserleriniň sergisi 70 ýaşy arka atan halypanyň açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň görnükli suratkeşleri, sungaty öwrenijiler, talyplar, mekdep okuwçylar we dost-doganlary gatnaşdylar. Serginiň ekspozisiýasynda ýerleşdirilen nakgaş we grafika eserleri onuň ussadyň döredijilik tärleriniň täsinligini we aýratynlygyny şöhlelendirýär.
Wäşiligiň, kinaýanyň häsiýeti suratkeşiň özboluşly çeperçilik ýolunyň kemala gelmegine itergi berýär. Zähmetsöýerlik we şähdaçyk gylyk-häsiýet suratkeşe açyk we ýyly reňk öwüşginli suratlary döretmegine esas bolýar. Halypa özüniň degişgen, alçak we göwniaçyk häsiýetleri bilen ol hemişe özüniň daş-töweregine çagalary bilen gurşamagy başarýar.Megerem, şonuň üçin onuň döreden “Böwenjik”, “Uçýan haly”, “Kör garga”, “Meret bilen Güneş”, “Jykjyk bilen garynja”, “Ependiniň bir güni”, “Oazis”, “Dutaryň rowaýaty”, “Gorkak Batyr” ýaly multfilmleri häzirki günde hem ençeme çagalaryň kalplaryny heýjana salýar. Bu multfilmleriň esasynda çagalar üçin niýetlenen we dünýäniň dürli dillerine terjime edilen birnäçe kitapçalar hem neşir edildi. Sergä gelen ýaş tomaşaçylar hem şol multfilmlerde görkezilen şekilleri uly höwes bilen synlaýardylar.
Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden suratkeşleriň köpüsi Möjek Çaryýewiň syýahat etmäge örän gowy görýändigi, gezen ýerleriniň özboluşlylygyny, tebigatyny inçelik bilen şöhlelendirip bilýändigini bellediler. Ýübileý sergisinde hem eserleriň agramly bölegini daglaryň, sähralaryň, şäherleriň, Hazar deňziniň gözel görnüşini suratlandyrýan ýagly we suwly boýaglarda çekilen peýzažlar özüniň terligi we ýitiligi bilen her bir tomaşaçynyň ünsüni özüne çekdi.
Suratkeş özüniň peýzaž, portret, natýurmort, žanr eserlerinde çuňňur filosofik garaýyşlaryny, ruhy dünýäsini, oý-pikirlerini şöhlelendirýär. Ol diňe bir realizm stilinde däl-de, eýsem, modernistik akymlarynda hem özüniň özboluşly ruhy dünýäsini suratlandyryp başarýar. Suratkeşiň “Köýtendag”, “Älem”, “Dag jülgesi”, “Saz”, “Kerwen”, “Köl”, “Çöldäki köl”, “Aziada – 2017”, “Soltan Sanjar”, “Aşgabat seýilgähi”, “Okuwçy gyzjagaz” ýaly eserleribagtyýar zamanamyzyň tarypyny, oba durmuşyndan alnan pursatlaryny, Watanymyzyň gözel tebigatyň yzygiderli ýagdaýda üýtgäp durmagyny we onuň reňkleriniň sazlaşygyny duýmaga hem-de gözellik dünýäsinden ruhlandyrmaga itergi berýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň şahsy sergisi türkmen nakgaşlyk we grafika sungatynyň täsin we özboluşly sahypasydyr. Ussadyň döreden eserleri ýaş suratkeşlere we sungaty söýüjilere ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler