Sanlylaşdyrmak – ykdysady ösüşiň esasy şerti

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmakda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda uly mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda maglumat saklaýjy, kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak barada ençeme teklipleriň üstünde işlenilip, durmuşa geçirilýär. Çünki häzirki döwrüň möhüm talaby bolan öňdebaryjy tehnologiýalar ähli ugurlary düýpli özgerdýär. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ösen ýurtlaryň derejesine, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenilýär. Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, sanlylaşdyrmak işini degişli tehnologiýalar bilen üpjün edýän howpsuz ulgamyň döredilmegi üns merkezinde saklanylýar.

«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň giň gerimi milli binagärlik däpleriniň we häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny emele getirýär. Ekologik taýdan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän Arkadag şäherinde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly çözgütler «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlary uzak aralykdan dolandyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de «Aşgabat-siti» taslamasynda hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda degişli infrastrukturany döretmek, tehniki taýdan üpjün etmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda ýokarda agzalyp geçilen şähergurluşyk ulgamynyň ösüşini mysal hökmünde görkezmek bolar.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere önümi ýerlemäge onlaýn görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, bar bolan meseleleri öz wagtynda çözmäge, harytlaryň mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak arkaly olary daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Geçirilýän sanly özgertmeler hyzmat ediş tizligini artdyrmaga, hyzmatyň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamaga ýol açýar. Internetiň ösmegi bilen mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagy maliýe-bank edaralaryny tehnologik taýdan özgertmegiň wajyp ugry bolup çykyş edýär. Sanly ulgama geçilmegi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hem oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagy kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna şert döredýär. Sanly ulgama geçmegiň netijesinde döredilýän täzeçil ugurlaryň giň gerimli bolmagy ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ýardam edýär.

Kuwwatgeldi GURBANOW,

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok