«Bagyşla»

Aşyk bolup saňa şu haty ýollap,
Ömrüm saňa dözenimi bagyşla,
Söýer, söýer diýip göwnümi aldap,
Şunça wagtlap gezenimi bagyşla.

Söýmedigem geçer, söýenem geçer,
Söýmek günä bolsa günämi geçir,
Başarsan baryny ýadyňdan öçür,
Seni soýen bu ýigidi bagyşla.

Goşgym saňa gowuşan-da, haçan-da,
Ýene görmän ýüzleý okap geçeňde,
Düşünmedik ýerleň duşsa içinde,
Pikirlermiň özenini bagyşla.

Ýaşlyk geçip gider etsekde heder,
Wagt hemme zada hökmün ýöreder,
Bir mahal duşuşmak miýesser eder,
Şonda ýyllaň duzagyny bagyşla.

Öz göwnüme näçe bolsa-da çeper,
Bu şygrym saňa bir etmesin zeper,
Ynanaý, şu gezek iň soňky sapar,
Seň keýpiňi bozanymy bagyşla.

Gün geçse, aý geçse hem ýyllar ötse,
Her kim göwnündäki arzuwna ýetse,
Käte okanyň-da meni ýatlatsa,
Eliňdäki gazalymy bagyşla.

Utandyryp ýer ýüzüniň güllerin,
Unutmaryn gül dek açan günleriň,
Adyňy ha asla undyp bilmerin,
Ýüregime ýazanymy bagyşla.

Maksatjan ANNAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok