Floristika – owadanlygy duýmak sungaty

Könelerimiz “Adam eli – gyzyl gül” diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Hakykatdan hem adam tebigat bilen birlikde onuň önümi hökmünde birnäçe täsinlikleri döretmäge ukyplydyr. Netijede taryhy döwürlerde sungatyň köpsanly görnüşleri peýda bolupdyr. Häzirki döwürde ýokary derejede ösdürilýän sungatyň biri-de floristikadyr.

Floristika (latynça, flora) sungaty başgaça söz bilen aýdanymyzda “owadanlygy duýmak” sungatydyr. Bu sungat janly, guran ýa-da garyşyk güllerden adaty bolmadyk, owadan, ajaýyp nusga şekillerini, çemenleri döretmegi öz içine alýar. Şunuň ýaly owadan nusgalary döredýän adam “florist” diýlip atlandyrylýar. Megerem florist dünýäde iň bagtly adam bolsa gerek, sebäbi ol wagtynyň köp bölegini güller bilen geçirýär. Florist öz işinde ösümlikleri we onuň aýry-aýry böleklerini, polietilen daşlyklary, sebetjikleri, bagjyklary, emeli ýasalan gülleri hem-de şuňa meňzeşleri peýdalanýar. Florist diňe bir gülleri biri-biri bilen baglanyşdyryp nusga döretmek bilen çäklenmän, eýsem şol döredilen nusgalaryň niýetlenilen ugra gönükdirlişine, gülleri reňkleri we beýleki häsiýetleri boýunça ýerbe-ýer goýluş kadalaryna dogry düşünmelidir. Onuň taýýarlan nusgalary özüniň owadanlygy, özüne çekijiligi, üýtgeşikligi, terligi bilen görenleri begendirmelidir.

Floristika sungatynda edil surat çekmek sungaty ýaly göz öňüne getirmek bilen nusga döredilýär, emma floristikada suratkeşiň boýaglaryna derek güller, ýapraklar, baldaklar we ýörite emeli jisimler peýdalanylýar. Floristiň göz öňüne getirip, nähili derejede nusga döredip biljekdigi onuň döredijilik ukybyna baglydyr. Owadan janly güller tebigat tarapyndan oýlanylyp tapylan haýran galdyryjy bezeglerdir. Güllerden döredilen kompozisiýalar islendik adam üçin uzak wagtyň dowamynda ýatdan çykmajak sowgat hökmünde bellidir.

Öýleri bezemekde gülleri peýdalanmak gadymy usullaryň biridir. Gadymy döwürlerde ýaşan adamlaryň hem güllere bolan söýgüsi çäksiz bolupdyr. Baýramçylyk geçirilýän ýerlerde güller oturdylypdyr. Şeýlelikde biz floristika sungaty öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar diýsek ýalňyşmarys.  Ilkinji döredilen gül nusgalary örän ýönekeý bolupdyr. Gadymy Gresiýada we Gadymy Rimde binalar, köşkler we jaýlar güller bilen bezelipdir. Emma floristika sungatynyň watany Gadymy Müsür hasaplanylýar. Sebäbi bu ýerde güllerden döredilen asma nusgalar her bir öýde dakylypdyr. Her bir adam bezeg üçin güllerden örülen halka şekilli boýunbag dakynypdyr. XVII asyrda ilkinji gezek gülçülik barada kitaplar döredilip ugraýar. Ýewropada ilkinji botaniki baglarda, şalaryň seýilgählerinde güllerden owadan nusgalar döredilýär. 

Häzirki wagtda floristika sungatynyň 4 usuly mälimdir: wegetatiw, dekoratiw, çyzykly, gabaraly. Dünýäniň köp milletleriniň özüne mahsus bolan özbaşdak floristiki usullary hem bar. Geliň bu usullaryň käbirleri bilen ýakyndan tanyş bolalyň:

– Ikebana – bu floristikanyň Ýaponiýada döredilen usulydyr. Ikebana usuly beýleki usullardan özüniňýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Bu usulda döredilen çemen asimmetriki keşbe eýe bolýar. Ikebana usulynda döredilen çemende güllerden başga-da guran şahajyklar, ýapraklar, ir-iýmişler, miweler, guran güller we otlar, emeli güller hem peýdalanylýar. Ikebanada güldan hem güller bilen bilelikde aýratyn kompozisiýa bolup durmalydyr. Bu usulda güldanda köplenç bir şahajyk ýa-da ýeke-täk gül oturdylýar. Ýapon halky şunuň ýaly oturdylan ýeke-täk gülüň uzak ýaşaýşyň alamatydygyna ynam edýär.

– Iňlis usuly – başgaça “iňlis bagy” diýlip atlandyrylýar. Şunuň ýaly nusgalar iňlisler tarapyndan döredilip, çemen özara tegelek ýerleşdirlen baldaklardan döredilýär. Bu çemenler esasan hem möwsümleýin güllerden we otlardan ýasalýar. Tegelek şekilli çemenleriň boýy ýa-ha has kiçi, ýa-ha has uzyn bolýar. Iňlis usulynda döredilýän çemenler üçin bägül, gardeniýa, kameliýa, delfinium, pion ýaly güller ulanylýar. Güller öz aralarynda ykjam gysylýar we az giňişlikde birnäçe güller ýerleşdirilýär. Ýaşyl ýapraklar gülleri biri-birinden aýratynlandyryp hemmäniň ünsüni özüne çekýän şekilde owadan keşp emele gelýär.

– Modern ýa-da Ýewropa usulynda nusga döredilende çyzyklar mese-mälim görnüp durýar. Emeli jisimler has az ulanylýar. Bu usulda tebigylyga has uly üns berilýär. Güller özara asimmetriki ýerleşdirilýär. Modern usulynda nusga taýýarlananda baldagy uzyn güllerden peýdalanylýar. Gülleriň arasynda ýeterlik derejede giňişlikler goýulýar. Köplenç üýtgeşik owadan, ýagny tropiki ösümlikler, orhideýalaryň dürli görnüşleri, proteýa, anturium, bägül, liliýa ýaly güllerden taýýarlanylýar.

– Häzirki zaman ýa-da golland usulynda bezeg ösümlikleriniň birnäçe görnüşleri peýdalanylýar. Bu usulda nusga döredilende otlar bilen birlikde kökler, agaç gabyklary, daşlar hem ulanylýar. Bu usulda dürli görnüşli we dürli sortly güllerden çylşyrymly nusgalar döredilýär. Çemenler piramida, ýarym sferiki hem-de simmetriki we asimmetriki üçburçluk görnüşde döredilýär. 

Güller dünýäsi – owadanlygyň dünýäsi. Güller mydama owadanlygyň duýgusyny döredýär. Hemmäňiziň daşky we içki dünýäňiz edil güller ýaly owadan bolsun!

Oguljennet ÖWEZOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa
fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok