Ekologiýa abadançylygyna mynasyp goşant

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlarynyň netijesinde, ýylda iki möwsümde, ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, ynsan ýaşaýşynda ýokary ähmiýete eýe bolan arassa howa gurşawyny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şu ýylyň 9-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzda ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagy babatda giň gerimli, maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýurdumyzda köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak işleriniň soňky ýyllarda yzygiderli geçirilmegi netijesinde, onlarça million düýp agajy özünde jemleýän tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňeýär. Her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde tokaý zolaklary emele gelýär.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň ýurdumyza gowşurylmagy hem bag ekmekde, ekologiýany arassa saklamakda eziz Diýarymyzda tutuş adamzat ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygynyň halkara derejesindäki ykrarnamasyna öwrüldi.

Bag — barlyk, bakylyk. Bag — bolçulyk, bagt. Goý, eziz Watanymyz hemişe bagy-bossanlyga bürenip, özgerişiň, galkynyşyň dabaralanýan ojagyna öwrülsün! Döwletiň ekologiýa abadançylygy, halkyň baş baýlygy — saglygy, bolelin, baky eşretli ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Aýlar ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok