Geoinformasion ulgamlaryň (GIS) düşünjesi 1960-njy ýyllaryň ortalarynda Kanadada döräp, Kanada Geografiki Informasiýa Ulgamy (CGIS) diýlip atlandyryldy. Bu ulgamyň esasy maksady Kanadanyň ýer baýlyklaryny hasaba almak we olaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemekden ybarat bolupdyr. Alymlar we hünärmenler bu düşünjäni dürli edebiýatlarda ýigrimiden gowrak kesgitleýär. Mysal üçin:
• J. Berri: Geoinformasion ulgamlary – bu maglumatlary dolandyrmak, kartografiki görkezmek we derňew etmek üçin döredilen giňişlik maglumatlar ulgamydyr.
• K. Chang: Geoinformasion ulgamlary – bu geografiýa giňişlik maglumatlaryny gözlemek, toplamak, saklamak, derňew etmek we görkezmek üçin niýetlenen kompýuter ulgamydyr.
• A.W. Simonow: Geoinformasion ulgamlary – bu geografiki koordinataly maglumatlary sanly görnüşde görkezmek, dolandyrmak, köpeltmek, derňew etmek, matematiki-kartografiki modelleşdirmek we görkezmek üçin döredilen enjamlary we programma üpjünçiligini öz içine alýan ulgamlardyr.
Türkmenistanda GIS tehnologiýasy durnukly ösüşi üpjün etmekde ulanylýar:
1. Tebigy baýlyklar – Nebit we gaz ýaly baýlyklaryň gözegçiligi.
2. Oba hojalygy – Ekinleri dolandyrmak we toprak derňewi.
3. Şäher meýilleşdirişi – Şäher we infrastruktura meýilleşdirilişi.
4. Daşky gurşaw – Çölleşme we suw meseleleriniň gözegçiligi.
5. Betbagtçylyk dolandyryşy – Tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk.
Äşe Gurbandurdyyewa
Türkmen oba hojalyk institutyň mugallymy.
Teswirler