Suwaryş ylymlarynyň güýçli geljegi

Gidromeliorasiýa häzirki döwrüň iň möhüm ugurlaryndan biri bolup, topragy suw bilen doly üpjün etmekden has ileri gidýän giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Ýer ýüzünde ekologiýa, oba hojalyk we tebigy baýlyklar ugrundan möhüm orun eýeleýän gidromeliorasiýa, ösüşe ädim ädýän ýurtlaryň ykdysadyýetine hem uly goşant goşýar. Bu ulgamda suwaryş, ýerasty suwlary dolandyrmak, şorlaşma we çölleşme garşy göreşmek ýaly çäreler öz beýanyny tapýar. Gidromeliorasiýanyň geljegi tehnologiýanyň we ylym-bilimiň ilerlemegi bilen has kämilleşýär we onuň ähmiýeti günsaýyn artýar.

Gidromeliorasiýanyň iň möhüm elementleriniň biri ýerleriň ekinçilik üçin hasyllylygyny we durnuklylygyny saklamaga gönükdirilen ylmy çözgütleri öz içine alýar. Şol çözgütleriň içinde öňdebaryjy tehnologiýalar bar, mysal üçin:

  1. Akylly suwaryş ulgamlary – täze döreýän akylly suwaryş ulgamlary suwdan has netijeli peýdalanmak üçin oýlanyşykly işlenilip düzülýär. Sensory we maglumat ýygnamak tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ulgamlaryň kömegi bilen suw tygşytly ulanylýar we suwuň ekinlere deň paýlanmagy gazanylýar.
  2. Ýerasty suw çeşmelerini ygtybarly Dolandyrmak – Gidromeliorasiýada ýerasty suwlaryň ýokary netijeli ulanylmagy möhüm orun eýeleýär. Suwuň ýerasty gatlaklara barmagyny we suwuň yzygiderli üpjün edilmegini gazanmak üçin häzirki wagtda ýerasty suwaryş ulgamlary ösdürilýär. Bu ugurda ylym we tehnologiýa arkaly ýerasty suwlaryň näderejede doly ulanylandygy we olary goramak üçin näme çäreleri görmek gerekdigi.
  3. Dron tehnologiýasy bilen suwaryş sebitleriniň barlagy – dronlaryň ulanylmagy gidromeliorasiýada işleri has netijeli etmäge mümkinçilik berýär. Dronlar ekin meýdanlarynda ýagdaýy barlap, suwuň ýetmezçiligini ýa-da suwuň artykmaç ulanylyşyny tiz ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şeýle tehnologiýalaryň ulanylmagy ýerden ýygnalýan maglumatlary döwrebap ýagdaýda görkezýär we ýerleriň suwaryş meýilnamasynyň has anyk bolmagyny üpjün edýär.

Amangeldi RAHMANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok