Stambulda «Halal Expo-2024» halkara sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 27-30-njy noýabry aralygynda Stambulda «Halal Expo-2024» halkara sergisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň telekeçileri hem gatnaşar.

Bu Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň howandarlygynda Bütindünýä Halal Sammiti bilen bilelikde geçiriljek halal pudagyndaky iň uly halkara çäredir. Sergi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň goldawy bilen we Yslam ýurtlary üçin Standartlar we Metrologiýa göz öňünde tutup guralýar.

Bu çäre halal önümler we hyzmatlar pudagynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň gerimli meýdançadyr. Sergide azyk, iýmit goşundylary we içgiler, syýahatçylyk, lukmançylyk, kosmetika, egin-eşik, dokma önümleri we başga-da dürli ugurlar görkeziler.

Şeýle hem dürli kompaniýalar we degişli ugurlar boýunça hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk we interaktiw aragatnaşyk üçin mümkinçilikler bolar. Bu çäre her ýyl dürli ýurtlarda geçirilýär we oňa uly isleg bildirilýär. Geçen ýyl «Halal» sergisi 100 ýurtdan 30 müňden gowrak myhmany özüne çekdi.

Aýnur ANNAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok