Miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatynyň syrly aýratynlyklary

Eziz Diýarymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda dabaralanýar.

Türkmenistanyň abraýly bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan onlaýn maslahatlary, ussatlyk okuw sapaklary we döredijilik işleri uly üstünliklere beslenýär. Sungat ojagymyzda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemeginde Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet hem-de sungat bilen bagly dostluk köprüsini birleşdirýän taryhy wakalaryň ähmiýetini bellemek bizi diýseň buýsandyrýar. 

Şeýle ýatdan çykmajak taryhy pursatlaryň ýene-de biri, bir hepdelik Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça hünärmenleri hormatly hanymlar Haşemi Seýedehsähär we Hosseýnian Näjme dagylaryň geçirýän sungat ussatlyk okuw sapaklarydyr. Birnäçe günläp dowam edip gelýän ussatlyk okuw sapaklarynda berilýän bilimiň talyp ýaşlarymyzda miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça sungatlaryna bolan uly gyzyklanmalarynyň täsirini artdyrýar.

Ussatlyk sapagy Eýran Yslam Respublikasynyň ussat hünärmenleriniň döredijilik eserlerinden gurnalan ajaýyp sergi bilen utgaşdy. Ussat zenan suratkeşleri Haşemi Seýedehsähär we Hosseýnian Näjme özleriniň döredijilik eserleri bilen mugallym we talyp ýaşlarymyzy ýakyndan tanyşdyrdylar. Ýokary okuw mekdebimiziň okuw otaglarynda miniatýura boýunça Haşemi Seýedehsähär we altyn çaýyp bezemek sungatyndan Hosseýnian Näjme talyp ýaşlara okuw sapagyny  üstünlikli dowam edýärler.  Okuw sapagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatynda ulanylýan esbaplar bilen nepis sungatlaryň ýerine ýetiriliş tehnikasynyň syrly aýratynlyklaryny gysga wagtyň içinde talyp ýaşlara ýetirmekde ussat zenan suratkeşleri Haşemi Seýedehsähäriň we Hosseýnian Näjmeniň tutanýerli zähmetsöýerligini bellenilmäge mynasyp. Çünki miniatýura taslamasynyň dogry çözülişi, bu sungata degişli eserlerde bar bolan ösümlik nagyşlaryny taslamalarda takyk ýerleşdirmek we altyn çaýyp bezemek sungatynda ýönekeý nagyşlardan başlap  çylşyrymlaşan usullary tiz wagtda talyp ýaşlaryň özleşdirmegi hormatly hanymlarda täsir galdyrandygy bellerliklidir. Talyp ýaşlara okuw sapagynda berilýän ýumuşlaryň döredijilikli çözülmeginde ýerine ýetirilmeginiň aýratynlygyny ussat mugallymlar buýsançly belleýärler.  Birnäçe gün dowam etjek ussatlyk okuw sapaklary amaly we tejribe sapaklaryň geçirilmeginde  meýilleşdirildi.  

Eýran Yslam Respublikasynyň ussat hünärmenleri tarapyndan gurnalan hünär ussatlyk sapagynyň netijesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp-ýaşlarynyň alan nazary we tejribe başarnyklaryny açyp görkezjek özbaşdak döredijilik işleriniň sergisi we maslahaty bilen jemlener. Bu okuw sapaklary biziň talyplarymyz we mugallymlarymyz üçin döredijilik başarnygyny kämilleşdirmekde peýdaly tejribe bolar. 

Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Ylym” bölüminiň başlygy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok