Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça ýygnak geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu çäräde ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak, watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadag Gahrymanymyzyň eden tabşyryklaryny ýerine ýetirmek barada pikir alyşyldy. Şol maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň: “Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin” diýen sözi ýatlanyp geçildi.
Maslahatyň dowamynda şu ugurda anyk ädimleri durmuşa geçirmek boýunça teklipler öwrenildi hem-de döwrebap ýaşlar syýasatyny ösdürmek üçin täze pikirler orta atyldy.
Çeşme: yashlar.gov.tm
Didar AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we
programmirleme fakultetiniň talyby
Teswirler