Il içinde meşhur bolan «Pyýala» sazy halkymyzyň dürli gurallar arkaly ýakymly owaz döredip bilendigini görkezýär. Dogrudanam, käsede saz çalmak — üýtgeşik we inçe sungat. Türkmenlerde käsede saz çalmak däpleri öz köklerini juda gadymdan alyp gaýdypdyr. Ol barada türkmen topragynda ýazylan orta asyr ylmy çeşmelerinde bellenilýär. Olarda bellenilişi ýaly, pyýala saz guraly ansambl, orkestr saz guraly hökmünde belli bolup, ol beýleki kirişli, üflenip, kakylyp çalynýan saz gurallary bilen birlikde çalnypdyr. Türkmeniň «Pyýala» sazy we saz guraly halkymyzyň dürli närselerden ýakymly owaz döredip bilendigini tassyklaýar.
Käsede saz çalýan ussat sazandalaryň aýtmagyna görä, farfordan ýasalan käselerden üýtgeşik owaz çykýar. Olar materialynyň galyň-ýukalygyna görä, nota boýunça ses çykarýar. Käseleriň arasyndan gerekli sesi saýlamak üçin her käsäniň erňegine gamyş taýajyk bilen kakyp görmeli bolýar.
Käsede saz çalnyşy pianino saz guralyna meňzeş. Pianinoda klawişalara basyp saz çalynýan bolsa, käse bilen saz çalmak sungatynda gamyş taýajyk arkaly gerekli sesi berýän käseleriň erňegine kakyp, owaz alynýar. Bir saz eserini ýerine ýetirmek üçin 14 käseden heň almaly bolýar. Olaryň hersi ses beriş aýratynlygyna laýyklykda ýerleşdirilýär.
Käsede saz çalmak Hytaýda dörän sungat hasaplanýar. Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen, dürli harytlar we önümler, şol sanda farfordan ýasalan gap-gaçlar biziň ýurdumyza hem ýaýrapdyr. Günorta Türkmenistanyň Ýassydepe ýadygärliginden syrly ýazgyly käsäniň tapylmagy hem muňa delil bolup durýar. Bu arzyly tapyndy iki ýarym müň ýyl mundan öň ýasalypdyr.
Ejegül BEGDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler