Gözbaşyny müňýyllyklaryň taryhy gatlaryndan alyp gaýdýan gadymy, şöhratly türkmen topragymyz — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy. Milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan nepis türkmen halysy, milli şaý-sepleri, ýyndam ahalteke bedewi, wepadar türkmen alabaý itleri halkymyzyň ebedi buýsanjydyr.
Maglumatlara görä, türkmen alabaý itleri iň gadymy tohumlaryň biri bolup, onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Merdana ata-babalarymyzyň şu güne çenli saklap bize ýetiren bu özboluşly gymmatlygy ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda adamlar üçin ygtybarly hem wepaly goragçy bolup hyzmat edipdir. Gadymy türkmen haly göllerinde tapylan it nagyşlary, Altyndepeden, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň heýkeljigi hem bulary aýdyň subut edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda «Güjük yzy» diýilýän gadymy nagyş tapyldy. Şeýle-de IX – XIV asyra degişli bolan türkmen itiniň penje yzlary Şähryslam ýadygärliginde tapyldy.
Ýurdumyzda arassa tohumly alabaý itlerini köpeltmek boýunça işler işjeň ýagdaýda alnyp barylýar, itşynaslyk merkezleri gurulýar. Paýtagtymyz Aşgabatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýa ilkinji nobatda bu ugurda amal edilýän işleri ylmy esasda alyp barmaga, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga giň mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde dünýä ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi bilen bir hatarda akylly häsiýetleri we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip nesillerden-nesillere geçirilýändigi-de buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan baýram edilýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan hem ýiti zehininden dörän «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda beýan edilýän iňňän täsirli maglumatlar hünärmenlere, alymlara gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Onda edermen türkmen alabaýynyň waspy giňişleýin we örän çeper beýan edilip, ynsanyň wepaly dosty, ynamdar syrdaşy bolan alabaý itiniň ajaýyplygyny, gadymylygyny, batyrlygyny, duýgurlygyny, edermenligini subut edýän köp taryhy maglumatlar öz beýanyny tapýar we ýaş nesillerde türkmen alabaýlaryna bolan belent söýgini artdyrýar.
Bagtyýar zamanamyzda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dabaralandyrmak ugrundaky möhüm çäreler onuň has-da kämilleşdirilip, geljekki nesillerimize ýetirilmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler