Türkmenistanda Özbegistanyň milli sergisi geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň milli sergisi geçiriler. Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de ýurdumyzyň ikinji türkmen-özbek sebitara forumy hem geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini we ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň milli harytlarynyň sergisi geçirilipdi.

Ýeri gelende, Türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeleriniň sanlyja ýyllarda görnetin ýokarlanandygyny bellemek gerek.

Mekan AÝDOGDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok