Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň takyk ugruny kesgitlemek bilen: «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda adam saglygy hakynda edilýän alada ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyjy bilen eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, anyklaýyş we öz wagtynda dogry bejeriş işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň ählisinde ornaşdyrylýan döwrebap enjamlar bu maksatlara hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy lukmançylyk edaralaryna we näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly, bu ugurda oňyn işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň asylly başlangyçlarydyr tagallalarynyň türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň esasynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir.
Goý, adamlaryň saglygy, bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Nurmyrat SEÝITGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmen döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler