“Central Eurasia @ Silicon Valley 2024” çäresi geçirildi

Kaliforniýanyň San Fransisko şäherinde “Central Eurasia @ Silicon Valley 2024” ady bilen ylmy maslahat we startup kompaniýalarynyň sergisi geçirildi. Möhüm çärä Merkezi Aziýadan we Ýewraziýadan 100-den gowrak startup kompaniýasy gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar täze iş mümkinçilikleri we hyzmatdaşlyk üçin meýilnamalar bilen doly tanyşdylar we birnäçe möhüm duşuşyklar geçirdiler. Çäräniň açylyş dabarasyna Gazagystanyň Sanly, innowasiýalar we kosmos ministri, “Coursera” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, “Unshackled Ventures” kompaniýasynyň esaslandyryjy, “Glean” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, “McKinsey & Company” kompaniýasynyň ýokary maslahat berijisi we birnäçe dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Çärede startup esaslandyryjylary arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, startup kompaniýalarynyň ýolbaşçylary maýadarlar bilen duşuşyp, 1 minutlyk wagtyň içinde öz startuplaryna maýa goýmagyň amatlyklary barada çykyş etdiler. Ýeňijilere dürli baýraklar gowşuryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, çärede palaw, somsa, gutap ýaly sebite degişli dürli tagamlaryň söwdasy hem gurnaldy.

Meýlis ESENOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok