Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň “Duslyk” ordeni bilen sylaglanyldy

24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglandy.

Mälim bolşy ýaly bu ýokary döwlet sylagy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmagy bolup durýar.

Ylham ALYSEROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok