23-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Bu iri halkara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza 51 döwletden wekiliýetler geldi. 29-njy gezek geçirilýän nebitgaz forumynyň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy çykyş etdi.
Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly halkara sergisi bilen açyldy. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan 200-den gowrak kompaniýa gatnaşdy. Olaryň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil”, “ADNOC”, Türkiýäniň “Çalık Enerji”, “Rönesans”, “İlk İnşaat”, Tatarystanyň “Tatneft”, Malaýziýanyň “Petronas”, Hytaýyň CNPC bilen bir hatarda köp sanly kompaniýalary, şeýle hem Günorta Koreýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Ýewropa döwletleriniň kompaniýalary gatnaşýar.
Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Serginiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar halkara we ýerli kompaniýalaryň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Sergä ozal gatnaşyp gelýän kompaniýalar bilen bir hatarda ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Olaryň aglabasy nebitgaz pudagynda iş alyp barýan bolsa, köpüsi bu ugra degişli önümçilikleri amala aşyrýarlar.
Gülaýym BAÝMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler