Paýtagtymyz Aşgabatda 27-nji oktýabrda, türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň tohumyň iň gowy wekili adyny almak ugrunda halkara bäsleşik geçiriler. Bu baýramçylyk mynasybetli döredijilik bäsleşigi hem geçirilip, oňa suratkeşler, halyçylyk ussatlary, wideograflaryň we türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän beýleki hünärleriň wekilleri üçin niýetlenen nominasiýalar girizilen.
Türkmen alabaýynyň güni oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Baýramçylygyň çäginde ýurtda medeni çäreler – bäsleşikler, sergiler, konsertler, şeýle hem “Türkmen alabaýlary” Halkara assosiasiýasynyň mejlisi we ylmy maslahaty guralýar.
Häzirki wagtda ÝUNESKO-da türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli sungatynyň siwilizasiýanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistan tarapyndan başlangyjy öňe sürülýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby yhlasly türkmen itşynaslary üçin gymmatly gollanmadyr. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalamak, Watanyň şanyny beýgeltmek, owazasyny belende galdyrmakdyr. Bu kitapda Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Halkymyz öý-ojagynyň, mal-mülküniň goraglylygyny öz hemdemi bolan alabaýyna ynanyp, köňül rahatlygyny onuň bilen paýlaşýar. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň alamatlarynyň ruhy gözbaşynda türkmen alabaýy bardyr». Munuň özi alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuna berilýän ýokary bahadyr.
Ahmet UMIROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler