Türkmen talyplary Moskwada geçirilen halkara taslama bäsleşiginde kümüş medala mynasyp boldular

Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Baýnazar Muhammedow, Jeýhun Jumaşow, Orazmämmet Annaýew dagylar Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde “Step Into the Future” Halkara Ylmy Ýaşlar Forumynyñ çäklerinde geçirilen taslama bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip kümüş medala mynasyp boldular.

Türkmen talyplary bu abraýly Halkara bäsleşiginiň çäklerinde “@labAI – adaty dal çagalara sosial ukyplary öwretmek” alty ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler, şeýle hem bu ylmy gözlegleriň netijesinde işlenip taýýarlanylan “Alabaý” atly roboty bilen tanyşdyrdylar. Türkmen ýaşlarynyñ bu ylmy taslamasy bäsleşigiñ emin agzalary we foruma gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. Olimpiadanyň sylaglamak dabarasynda ýeňijilere degişli medallar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok