Öz gözbaşyny gadymyýetiň sahypalaryndan alyp gaýdýan türkmen medeniýetimiz, şekillendiriş sungatymyz özboluşlylygy we owadanlygy bilen dünýä doldy. Häzirki döwrümiziň ösüşleri, gündelik durmuşy, gözel tebigatymyzyň, medeni mirasymyzyň çeper beýanyny halkymyza äşgär etmekde nakgaşlaryň hem mynasyp orny bardyr. Gün-günden özgerýän ýurdumyzda ussat suratkeşleriň eserleri muzeýlerde, sergiler jaýlarynda görkezilip, giň köpçülige ýetirilýär.
Şeýle sergileriň biri hem 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Çerwýakowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň agzybir işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we zehinli talyplary gatnaşyp, ömrüni sungata bagyş eden suratkeş Nikolaý Çerwýakowyň döreden nakgaş eserleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Suratkeşler islendik bir eser döredenlerinde döwri aňlatmaga çalyşýarlar. Nakgaşyň esasy maksady beýan etmek isleýän pikirini reňkleriň üsti bilen tomaşaça ýetirmekden ybaratdyr. “Türkmen ýigidiniň portreti” (1958), “Säher” (1961), “Laborant gyzyň portreti” (1961), “Gurzufyň köçeleri” (1962), “Gaýly Keljäýewiň portreti” (1967), “Gyzyň portreti” (1975), “Daýhanlar” (1975), “Balykçy Berdiguly Aşyrowyň portreti” (1976), “Yzçynyňkyda myhmançylykda” (1977), “Watançylyk urşunyň weteranlary” (1979), “Ümsümlik” (1980), “Bagyr obasynyň çagalary” (1981), “Bahar daşgyny” (1981), “Serhetçi Nikolaý Mihaýlowiç Alakiniň portreti” (1981), “Türgenleşik zalynda” (1982), “Keçe edilişi” (1985), “Dokmaçy” (1986), “Günortan” (1987), “Gadymy durmuş” (1987), “Minutlyk dynç alyşda” (1990), “Bugdaýly obasynda” (1991) ýaly nakgaş eserlerini synlamak mümkin.
Bu eserler diňe bir ýitiden güýçli we täsirli reňk sazlaşygy açyk göze ilýän reňkler bilen däl-de, durmuşyň hakyky reňk öwüşginleri bilen ýerine ýetirilipdir. Reňkleriň sazlaşygy ynsanda şatlyk duýgusyny döredýär. Durmuş, tebigatyň gözelligi, adamlaryň bagtyýar durmuşy örän täsirli görnüşde suratlandyrylypdyr. Sergidäki işleri synlanymyzda suratkeşiň döredijiliginde Watanymyzyň ýyly howasyny, zähmet bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň gündeki durmuşyny wasp edendigini görmek bolýar.
Umuman, ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde we olary başarjaň hünärmen edip ýetişdirmekde sungat ussatlarynyň orny uludyr. Çünki halypalaryň döreden ajap eserleri türkmen halkynyň medeni dünýäsiniň özeni bolan şekillendiriş sungatyny ösdürjek täze nesliň kemala gelmegine esas döredýär.
Ogulsona ÖWEZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler