Daşoguz welaýatynda täze dokma toplum gurulýar

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda iri dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Degişli taslamalara laýyklykda, täze toplumda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, şeýle hem taýýar tikin önümleri öndüriler. Bu toplumyň gurulmagy, importyň ornuny tutýan, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge we olary eksport etmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, täze iş orunlary dörediler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda guruljak dokma toplumy hem ýerli ilaty iş bilen üpjün etmek, olaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we döwrebap iş şertlerini döretmek maksady bilen durmuşa geçiriler.

Mundan başga-da, Türkmenbaşy etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän senagat dokma toplumynyň kuwwaty bir günde ekologik taýdan arassa ýüplük öndürmäge we pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Bu kärhananyň önümçiligi diňe içerki talaby kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, daşary ýurt bazarlaryna hem önümleri eksport etmegi maksat edinýär. Bu taslama bilen, Türkmenistan senagat pudagyny pugtalandyrmagy dowam etdirip, ýurduň umumy ykdysady ösüşine goşant goşar we ekologiýa taýdan durnukly, arassa önümçilik ýörelgelerine aýratyn üns berer.

Döwlet Öwezgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok