18-nji oktýabrda, paýtagtymyz Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar.
TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr toparlaryny paýtagtymyzda jemlän II teatr festiwaly medeniýetleri baýlaşdyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär. Şunda teatr sungaty watançylyk, gözellik, ahlak terbiýesi ýaly wajyp hyzmaty ýerine ýetirmek bilen, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de goşant goşýar. Sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy tejribeleri alyşmagy-da göz öňünde tutup, ol ýaş teatr artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we sahna medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy. Foruma gatnaşyjylaryň toý lybasynda Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan Baş akademiki drama teatryna çenli dabaraly ýöräp gelmekleri çärä özboluşly bezeg berip, sahna sungatynyň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Olary çärä tomaşa etmäge gelen köp sanly tomaşaçylar mübäreklediler. Dabaraly ýörişiň dowamynda artistler öz teatrlarynyň döredijilik eserlerinden sahnalary görkezýän keşpleri janlandyrdylar.
Dawut ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler