Türkmenistanda Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenildi

Her ýylyň 17-nji oktýabrynda ÝUNESKO agza döwletlerde Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanda birnäçe degişli çäreler geçirildi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda döredilen ÝUNESKO klublary, ÝUNESKO kafedralary we ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler torunyň Türkmenistandaky agza mekdepleri bu senäniň hormatyna türkmen halkynyň özboluşly däplerini gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreleri guradylar.

Ýurdumyzda ilkinji açylan «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Kluby ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylygynda bu halkara gününi ýurdumyzyň ÝUNESKO Klublarynyň işjeň agzalarynyň, ýolbaşçylyrynyň we dilçi ýaşlaryň gatnaşmagynda giň mazmunly sergileriň, senäniň maksadyny düşündirýän duşuşyklar arkaly belläp geçdi.

Maddy däl medeni mirasyň halkara gününiniň esasy ýörelgelerini hem-de maksadyny Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly kitaplarynyň mazmunynda giňişleýin beýan edilýän, mukaddes ündewler arkaly wagyz edilýän toý däp-dessurlarymyz, asyrlara ýaň salýan saz sungatymyz, häzirki güne çenli ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň esasynda açyp görkezýän çykyşlar çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Ýaran ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok