Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda dünýä ýüzünde şan-şöhraty barha belende göterilen türkmen alabaýynyň baýramy uludan toýlanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Alabaý – biziň milli buýsanjymyz. Alabaý – biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip, ajaýyp jümleleribellemek bilen halkymyzyň her bir milli gymmatlyklarynyň ýaş nesilleriň durmuşynda aýratyn bir möhüm ornunyň bardygyny nygtaýar.
Eziz Diýarymyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýy bilen baglanyşykly halkara ylmy maslahatlar, sergiler, olaryň gözellik bäsleşikleri we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Türkmen alabaýy” atly döredijilik sergisi gurnaldy.
Döredijilik sergisinde şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn we amaly-haşam sungatynyň, zergärçilik, halyçylyk keramika ýaly ugurlarynda ýerine ýetirilen türkmen alabaýynyň wepadarlyk keşbini wasp edýän sungat eserleri görkezildi. Ruhy baýlygyň ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýyny bezeýän türkmen alabaýynyň çeper keşbi özüniň häsiýetli aýratynlygy bilen tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.
Sergide Şöhle Bakkalowanyň “Çöle syýahat”, Nurana Seýtdarowanyň “Dostlarym”, Güljan Şöhratgeldiýewanyň “Goragçy”, Serdar Jumaýewiň “Türkmen alabaýy”, Bekmyrat Bekmyradowyň “Miras”, Mahym Baýrammädowanyň “Wepaly”, Daýanç Hojamyradowyň “Sürüniň goragçysy”, Maral Saryýewanyň “Dostluk”, Agadöwlet Sapargeldiýewiň “Asuda durmuş”, Rozybaý Kurbandurdyýewiň “Türkmeniň wepaly alabaýy”, Perman Amangylyjowyň “Çopan alabaýy” ýaly döredijilik eserlerinde türkmen alabaýlaryny tapawurtlandyrýan esasy aýratynlyklary bolan öz eýesine çäksiz wepalylygy, maksada okgunlylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp häsiýetleri sungatyň çeper dilinde şöhlelendirilýär. Her bir döredilen sungat eserlerine içgin syn edeniňde türkmen öýüniň hakyky goragçysyalabaýlaryň eserdeňligini, paýhaslylygyny söz bilen beýan ederden has ýokary. Sungat eserlerinde şöhlenenen türkmen alabaýynyň ajaýyp keşbinde ýaşlarymyzyň kalbynda tükeniksiz buýsanjynyň bardygyna buýsanýarsyň.
Gunça Ballyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy
Teswirler