Döwrebap bilim özgertmeleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mähriban Watanymyzda ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň bilimli, hünärli bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň üçin bilim işgärleriniň iş tejribeleri artdyrylýar, okatmagyň iň döwrebap usullary durmuşa geçirilýär. Şunda mugallymlar ýaşlara bilim öwretmek işinde iň kämil usullary ulanýarlar.

Ylym-bilimiň ösýän döwründe kämil hünärli ýaşlaryň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösüşlere eýe bolmagy, ozaly bilen, hemmetaraplaýyn aňly-düşünjeli, terbiýeli, maksada okgunly ýaşlaryň kemala gelmegi bilen şertlendirilýär. Bu asylly hem il bähbitli işde zähmet çekýän bilim işgärleriniň goşantlary guwandyryjydyr. Mugallymyň yhlasly zähmeti ertirki günüň datly miwesidir.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm resminamalar we wajyp maksatnamalar kabul edildi. Bu babatda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şunda bilim özgertmeleriniň möhüm ugurlary aýdyň kesgitlenilýär hem-de okatmagyň döwrebap usullaryna, milli tejribä uly orun berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny yzgiderli döwrebaplaşdyrmaga, milli we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!

Rasul KUTLYMURADOW,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurtdillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji ortamekdebiniň
informatika mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok