Bilim — biziň bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz üçin bäsdeşlige ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylan özgertmeler üstünliklere beslenýär. Bilimiň, ylmyň yzygiderli ösmegi bilen ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara berilýän bilim hem döwrebaplaşdyrylýar. Ýaşlara bilim bermegiň, ylym öwretmegiň täze-täze tejribeleri durmuşa ornaşdyrylýar. Bilim ojaklary bilimiň esasy daýanjy bolan kompýuter enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlardan yhlasly okamagy, ukyp-başarnygyny yzygiderli ösdürip durmagy talap edýär.

Bilim ulgamynda innowasion çemeleşme bilen häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy ýaşlaryň täze nesliniň kemala getirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrýarys. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris» diýip, aýratyn belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçiliklerdir.

Bilim almak, kämilleşmek, ylymlar dünýäsine aralaşmak, döretmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Amanbibi ANNAWELIÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurtdillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň
iňlis dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok