Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýamyz özboluşly milli mirasymyzy dünýäde wagyz etmek bilen birlikde, halkara döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena balynyň açylmagy, 11-nji oktýabrda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert bilen çykyş etmegi ýurdumyzyň medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar.
Arkadag şäherinde Wena baly eýýäm ikinji gezek geçirilýär. Bu şäherde VI Wena balynyň geçirilmegi, halklaryň baý medeni durmuşyna aýratyn bir bezeg berýär. Iki ýüz ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Ol wagtyň geçmegi bilen özüniň meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň köp ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi. Wena balynyň geçirilmegi öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň 2008-nji ýylda Wena bolan saparyndan alyp gaýdýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýardam-goldawlary bilen bilelikdäki döredilen türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşanydyr. Iki halkyň medeni gatnaşygy 16 ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýär. Bu Wena baly hem ýatdan çykmajak taryhy waka bolup, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar. Wena baly diňe bir bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä tanatmaga hem ýardam edýär.
Selbiniýaz GAPBAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň magistranty.
Teswirler