Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ak bagtyň hem bagtyýarlygyň şäheri – Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýan VI Wena baly açyldy. Bu guralan döredijilik çäresi iki ýurduň halklarynyň medeni durmuşynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga we pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bagtyýar döwrümiziň kämil sungat eseri bolan Arkadag şäherinde ýokary derejedäki VI Wena baly dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýetli çäreleriň biri hökmünde täze-täze medeni ösüşlere itergi berýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan ýurdumyzyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri, Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günleri, iki ýurduň sungat ussatlarynyň geçirilýän halkara festiwallara, beýleki çärelere gatnaşmagy bu babatdaky döredijilik hyzmatdaşlygynyň işjeňleşýändiginiň, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen ata Watanymyz bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürilýär, döwletimiziň daşary syýasatynda Awstriýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklar barha berkeýär.
Iki halkyň aýdym-saz sungatynyň ösüşlerini birek-birege ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen, 2009-njy ýylda Türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi, şol ýylyň aprel aýynda hem paýtagtymyzda bu orkestriň ilkinji konserti guralypdy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda bolsa Aşgabat şäherinde Wenanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirilipdi.
«Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň döredilmegi iki halkyň medeni durmuşynda taryhy waka boldy. Bu gezekki balda ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilýän tanslar halklary agzybirlige çagyrýan dostlukly parahatçylygy giňden wasp edýär.
Bu gezekki Wena baly sungatyň halklary ýakynlaşdyrýan beýik güýje eýedigini doly açyp görkezýän ýatdan çykmajak waka boldy. Şeýle netijeli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly goldaw berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler