Astrahanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan tegelek geçirildi.

Tegelek stola Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem-de uniwersitetiň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Şeýle-de agzalýan tegelek stola wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmen-rus gatnaşyklarynyň ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler barada bellediler. Çäräniň dowamynda uniwersitetiň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okaýyşlarda we sazlar bilen ýerine ýetirdiler.

Hatyja BAHRIDINOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok