Türkmenistanyň ýene bir ýokary okuw jaýy abraýly reýtinge girdi

Merkezi Beýik Britaniýada ýerleşýän “Times Higher Education (THE)” guramasy dünýä derejesinde ýokary bilime baha bermek ulgamynda iň abraýly reýtingleri düzüjileriň biri bolup durýar. XX asyryň 70-nji ýyllarynyň başyndan bäri hereket edýän “Times Higher Education (THE)” guramasy bu ulgamda baý tejribä eýe bolmak bilen, ol 2004-nji ýylda bütindünýä uniwersitetler reýtingini neşir etmeklige başlady hem-de bu ugurda öňdebaryjy gurama öwrüldi.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri gurama öňdebaryjy ýokary bilim edaralarynyň reýtingini düzmekde mukdar we hil görkezijilerini öz içine alýan düýpli we deňagramly usulyýeti ulanýar. Bu usulyýet ýokary okuw mekdebiniň akademiki abraýy, neşirleri we olara salgylanmalary, halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem uniwersitetleriň maliýe we önümçilik görkezijileri ýaly birnäçe maglumatlara esaslanýar we olar her ýyl ygtybarly ölçegler hem-de bütin dünýäde müňlerçe alymlaryň we bilermenleriň seljermeleriniň netijenamalary boýunça toplanýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramasynyň “World University Ranking 2025” atly uniwersitetleriň bütindünýä reýtingine habarçy-agza (Reporter) hökmünde ýörite sanawa girizilmegi uniwersitetiň bütin dünýäde öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň reýtingine goşulmagy üçin öňde goýlan maksatlara ýetmegi babatynda möhüm ädim bolup durýar.

Hudaýnazar AMANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok