15-nji oktýabr – 4-nji noýabr aralygynda Merjen derýasynda ýerleşen Guançžou port şäherinde Kanton ýarmarkasy ady bilen belli import we eksport harytlarynyň 136-njy sessiýasy geçiriler. Bu çäre Hytaýyň we daşary ýurtlaryň 30 müňden gowrak kärhanasyny ýygnar.
Giň gerimli çäre Halk sebit hökümetiniň we Söwda ministrliginiň ýolbaşçylygynda Hytaýyň Daşary söwda Merkezi tarapyndan guralan. Sergi Aziýanyň iň iri merkezleriniň biri hasaplanylýan “Paçžou” sergi merkezinde geçirilýär.
Kanton ýarmarkasy 1957-nji ýylyň ýazyndan başlap geçirilýär. Döredilen gününden bäri ol ähli ýurtlardan gatnaşýan satyn alyjylaryň uly mukdaryny çekip, halkara alyjylar bazarynda abraý gazandy.
Kanton ýarmarkasy ýylda iki gezek – ýaz (15-nji aprel – 5-nji maý) we güýz (15-nji oktýabr – 4-nji noýabr) möwsümlerinde geçirilýär. Her ýylda iki ýarmarka sessiýasynyň dowamynda bu ýerde dürli maksatly 150 müňden gowrak harytlaryň görnüşleri sergilenilýär. Soňky ýyllarda ýöreiteleşdirilen ugurlar, harytlaryň ulgamlaşdyrylmagy we gatnaşyjylar üçin harydy dünýä arenasynda ösdürmek üçin geljekki hyzmatdaşlar bilen açyk gepleşikleri alyp barmaga mümkinçilikler döredildi.
Atamyrat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler