Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasyny gowşurmak dabarasy boldy

Golaýda, ýagny 12-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Maslahatda çykyş edenler degişli hödürnamany bu abraýly sanawa girizmek baradaky çözgüdiň 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edilendigini bellediler. Onda ýurdumyzyň öňe süren teklibi bu topara agza döwletleriň 24-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Çykyş edenler ÝUNESKO-nyň bu çözgüdiniň Türkmenistana we türkmen seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň yhlasyna bildirilen hormatdygyny nygtadylar. Şeýle-de olar ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan atşynaslyk däplerini gorap saklamak, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda döredilen «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubuna bardylar we bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar.

Atanazar ABDYLLAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok